searchlogo
Baş sahypa

/

Hyzmatlar

/

Marketing hyzmatlary

Marketing hyzmatlary

TurkmenExpo hususy kärhanasy işiňizi içerki hem-de halkara bazarlarynda üstünlikli ilerletmäge ýardam berýän giň gerimli marketing hyzmatlaryny hödürleýär. Biz telekeçilik işiňizi täze derejä çykarmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryna we öňdebaryjy usullara esaslanýan strategiki çözgütleri döredýäris, mahabat işini meýilleşdirýäris hem-de durmuşa geçirýäris.

Toparymyz sergilerde we işewürlik çärelerinde kompaniýaňyzy görkezýän ýokary hilli tanyşdyryş resminamalaryny taýýarlamaga ýardam berer. Dogry işlenip taýýarlanan tanyşdyryş resminamalar bukjasy geljekki hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we müşderileriň ynamyny pugtalandyrmaga, işiňiziň hünär derejesini we ýokary ülňülerini açyp görkezmäge ýardam eder.

Biziň marketing hyzmatlarymyz şu aşakdakylary öz içine alýar:

● Döredijilikli strategiýany meýilleşdirmek
Siziň işiňiziň aýratynlyklaryna we maksada gönükdirilen diňleýjileriň isleglerine laýyklykda, aýratyn höweslendiriş strategiýalary işläp düzýäris.

● Haryt nyşanlaryny we kärhananyň belligini işläp düzmek we hasaba almak
Haryt nyşanlaryny we kärhananyň belligini hasaba almak bilen kärhananyň özboluşly keşbini döretmäge ýardam berýäris.

● Tanyşdyryş çärelerini we mowzuklaýyn okuw maslahatlaryny guramak
Işiňizi, önümleriňizi we hyzmatlaryňyzy netijeli görnüşde hödürlemäge mümkinçilik berýän çäreleri guraýarys hem-de geçirýäris.

● KHBS-de mahabat işleri
Telewideniýe, radio, neşirýat we internet arkaly mahabat işlerini meýilleşdirýäris we amala aşyrýarys.

● Poligrafiýa taýdan ýerine ýetirilen önümleriň doly önümçilik tapgyry
Bukletler, broşýuralar, ýygyndylar, korporatiw metbugat we beýleki resminamalaryň ähli görnüşlerini taýýarlaýarys.

● Sanly surata düşüriş we wideo şekilli önümler
Mahabat we kärhananyň keşbine degişli wideoşekilleri öz içine alýan foto we wideo görnüşindäki materiallary taýýarlamak hyzmatlaryny hödürleýäris.

● Web-saýtlary işläp taýýarlamak we ilerletmek
Ýönekeý korporatiw internet saýtlaryndan başlap, internet arkaly söwda ýaly çylşyrymly portallara çenli işiňiz üçin internetde wekilhanalary döredýäris.