searchlogo
Baş sahypa

/

Hyzmatlar

/

Ýük daşamalaryny guramak we gümrük taýdan resmileşdimek

Ýük daşamalaryny guramak we gümrük taýdan resmileşdimek

TurkmenExpo hususy kärhanasy sergiler üçin niýetlenen nusgalyk önümleri we harytlary hem goşmak bilen, ýükleriň ekspedisiýasy we gümrük taýdan resmileşdirilmegi boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Bu hyzmatlar Kervan Logistics kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Logistika we gümrük taýdan resmileşdirmek babatyndaky esasy iş ugurlarymyz:

● Gümrük dellalçylyk hyzmatlary: Ähli zerur resminamalaryň taýýarlanylmagyna, şeýle hem gümrük düzgünleriniň doly berjaý edilmegine ýardam berýäris.

● Taslama logistika: Aýratyn taslamalar üçin ýöriteleşdirilen logistiki çözgütleri işläp taýýarlaýarys we durmuşa geçirýäris.

● Ýeketäk distribýutor:
Käbir bazarlarda harytlaryň ýeketäk paýlanyşyny üpjün edýän hyzmatlary hödürleýäris.

● Ulag we ekspedisiýa: Harytlaryň dürli ulag görnüşleri arkaly netijeli daşalmagyny guraýarys we eltip bermegiň howpsuzlygy hem-de öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin ekspedisiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirýäris.

● Logistika, gümrük taýdan resmileşdirmek we sertifikatlaşdyrma boýunça maslahatlar
Hünärmenlerimiz halkara logistika, gümrük taýdan resmileşdirmek hem-de eksport-import amallary üçin harytlaryň sertifikatlaşdyrmasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat berýärler.

Ähli logistiki we gümrük amallarynyň ygtybarly, ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini kepillendirýäris.