Işewürlik saparlary
TurkmenExpo hususy kärhanasy müşderileriň anyk maksatlaryna we isleglerine laýyklykda aýratyn işewürlik saparlaryny işläp taýýarlýar. Şol sebäpli teklip berilýän hyzmatlaryň sanawy her bir ýagdaýa görä üýtgäp biler.
Biziň hödürleýän hyzmatlarymyz:
1. Duşuşyklary we gepleşikleri guramak: Hyzmatdaşlar, müşderiler ýa-da ýerli kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşyklary, gepleşikleri we işewürlik çärelerini guramaga ýardam berýäris.
2. Logistika we ulag hyzmatlary: Petekleriň bron edilmegi, transferleriň guralmagy, awtoulaglary kärendesine almak we beýleki logistiki hyzmatlary amala aşyrýarys.
3. Ýaşaýyş: Müşderiniň isleglerine we býujetine laýyklykda myhmanhanalary, ýaşaýyş jaýlary ýa-da ýaşaýyşyň beýleki görnüşlerini saýlap, bron edýäris.
4. Gezelenç we dynç alyş: Işewürler ýa-da olaryň ýanynda bolýan adamlar üçin dynç alyş çärelerini we gezelençleri guraýarys.
5. Medeni maksatnamalar: Ýerli medeni çärelerde, festiwallarda we sergilerde gatnaşmagy guraýarys.
6. Hukuk goldawy: Ýerli işewürlige degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýäris.
7. Maglumat goldawy: Sebitiň bazary, ykdysadyýeti we işewürlik gurşawy barada döwrebap maglumatlar bilen üpjün edýäris.
Toparlaýyn we aýratynlykda amala aşyrylýan gezelençler
● «Aşgabada syn etmek»
Aşgabat şäheriniň gözelligini synlamaga, onuň özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmäge we bu täsin şäheriň ruhuny duýmaga mümkinçilik döredýän gyzykly gezelençleriň biridir. Gezelenjiň dowamynda şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri we aýratynlyklary bilen tanyşyp bilersiňiz.
● «Teatrlar babatynda Aşgabat»
XX asyrdan häzirki güne çenli Aşgabadyň teatrlarynyň taryhy boýunça gezelenç: ilkinji teatryň açylan senesi, ady we beýleki gyzykly maglumatlar bilentanyşyp bilersiňiz. Bu maglumatlar «Aşgabadyň maketi» atly pawilýonynda wideo şekilli görnüşdäki hem-de şäher boýunça hakyky gezelençler arkaly hödürlenýär. Bu çäre teatr sungatynyň öňdebaryjy wekilleri tarapyndan yşyklandyryş şüweleňiniň we wideo şekilli sapaklar görnüşindäki gezelenjiň geçirilmegi bilen tapawutlanýar.
● Aşgabadyň binagärlik görnüşleri we binagärleri
Bu gezelenjiň dowamynda Aşgabat şäheriniň şäherçeden häzirki zaman ägirt uly şähere öwrülşini, asyrlaryň dowamynda nähili üýtgändigini we onuň ösüşine täsir eden faktorlary öwrenersiňiz.
● «Gastronomik we medeni gezelençler»
Gezelençler Aşgabat şäheriniň iň gowy restoranlary, muzeýleri we sungat galereýalary bilen tanyşlygy, şeýle hem milli saz we tans sungaty (meşhur Kuştdepdi tansyny öwrenmek) bilen tanşmagy öz içine alýar. Mundan başga-da, oba ýerinde halynyň dokalyşyna, dokma we zergärçilik önümleriniň taýýarlanyşyna tomaşa etmek we olara gatnaşmak hem-de adaty türkmen öýünden (ak öý) tebigy gözellikleri synlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, TurkmenExpo hususy kärhanasy Parfiýanyň gadymy şäherleri, Gadymy Merw we Köneürgenç boýunça wideo şekilli gezelençleri hödürleýär. Bu çäreler yşyklandyryş şüweleňini sapaklar bilen utgaşdyryp döwrebap görnüşde geçirilýär.