searchlogo
Baş sahypa

/

Hyzmatlar

/

Işgärler üçin okuw maslahatlary

Işgärler üçin okuw maslahatlary

TurkmenExpo hususy kärhanasynyň işgärler üçin oýun gurallaryna esaslanýan, “oýuna degişli bolmaýan” meseleleri çözmäge, başarnyklary ösdürmäge we pikirlenişi özgertmäge kömek edýän aýratyn okuw maslahatlaryny hödürleýär. Şeýle okuw maslahatlary işewürlik jemgyýeti üçin aýratyn peýdalydyr, sebäbi olar özboluşly söwda tekliplerini işläp taýýarlamakdan başlap, bäsdeşler bilen gatnaşyklaryň strategiýalaryny düzmäge çenli giň mümkinçilikleri açýar.

Biz çärelerimiziň çäklerinde şu aşakdaky ussatlyk sapaklaryny we okuw sapaklaryny hödürleýäris:

● Stolyň üstündäki işewürlik oýunlary: Howpsuz gurşawda dürli iş görnüşlerini synagdan geçirmäge, töwekgelçilikleri bahalandyrmaga we iň amatly çözgütleri saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa toparyň çözgüt kabul etmek başarnyklaryny kämilleşdirýär.

● Özgerdýän kouçing oýunlary: Gatnaşyjylara bar bolan meselelerini we ýagdaýlaryny öwrenmäge, şeýle hem şahsy ösüş we hünär taýdan ýokarlandyrmak üçin inçe maglumatlary almaga ýardam berýär.

● Işewürligiň esasy ugurlary boýunça ussatlyk sapaklary
Şahsy brendi ösdürmek, netijeli satuwlar, maliýe pikirlenişi, işgärleri we hünärmenleri saýlap almak, şeýle hem işewürlik babatynda söhbetdeşlik we etiket başarnyklaryösdürmek boýunça okuw maslahatlary.