searchlogo
Baş sahypa

/

Hyzmatlar

/

Garyşyk görnüşdäki çäreleri guramak

Garyşyk görnüşdäki çäreleri guramak

TurkmenExpo hususy kärhanasy häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly garyşyk hem-de onlaýn çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Biziň onlaýn studiýalarymyz kongres çärelerini, sergileri, işewür duşuşyklary we beýleki möhüm wakalary geçirmek üçin hakyky wagt tertibinde gatnaşmak hem-de onlaýn aragatnaşyk bilen utgaşdyrmak babatynda örän amatlydyr.

Biz dürli möçberdäki çäreler üçin giň we amatly meýdança hödürleýäris. Çäräňiziň ýokary guramaçylykly we gatnaşyjylaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän ähli zerur şertlerimiz bardyr.

Onlaýn studiýalarymyzyň aýratynlyklary:

● Giňişligiň çeýeligi
Studiýa birnäçe iş zolaklaryndan ybaratdyr. Olaryň arasynda hasaba we garşy almak zolaklaryny içine alýan foýe, egin-eşik goýulýan ýer, 250 orunlyk esasy zal we 30 orunlyk VIP gepleşikler otagy ýer alýar. Bu uly konferensiýalardan başlap, kiçi duşuşyklara çenli dürli görnüşdäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.

● Üýtgeýän zal
Esasy zal çäräniň islendik talaplaryna aňsatlyk bilen uýgunlaşýar. Konferensiýalary, resmi açylyş dabaralary, işewürlik ertirlik naharlary, bäsleşikleri we beýleki çäreleri geçirmek üçin amatly şertler bilen üpjün edýäris.

● Doly tehniki üpjünçilik
Ýokary tizlikli internet, wideo ýazga geçirmek işleri we ýaýlym enjamlary, sinhron görnüşindäki terjime, şeýle hem ähli ulgamlaryň bökdençsiz işlemegi üçin ýokary derejeli hünärmenleriň goldawy bilen üpjün edýäris.

● «Ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak» çözgüdi
Studiýamyz wideo ýazga geçirişi we onlaýn ýaýlymy öz içine alýan garyşyk çäreleri guramak üçin «Ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak» çözgüdini hödürleýär, Diňleýjiler bilen interaktiw aragatnaşygy ýola goýmagy öz içine almak bilen çäräňizi saýlan meýdançalaryňyzda ýaýlyma bermek mümkinçiligini döredýäris.

● Enjamlar
Studiýa uly LED ekran (12 × 3,5 m), şeýle hem ýokary hilli yşyklandyryş we ses enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Kärendesine degişli esasy hyzmatlar toplumy wideo ýazga geçiriş we ýaýlym üçin zerur bolan ähli enjamlary öz içine alýar. Zerur bolan halatynda, çäräniň hilini ýokarlandyrmak üçin goşmaça enjamlar bilen giňeldilip bilner.